çalmak

çalmak
işlik
1) Çalgy daşyna süýkäp ýiteltmek.
∙ Ussa asylgy duran gaýşa bir-iki gezek päkisini çaldy.
2) Saz etmek, saz guralynda bir heňi ýerine ýetirmek.
∙ Jigitler saz çalyp, aýdym aýdýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ýetginjek sazandarlar dutarlaryny sazlap çalmaga başladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
3) Urmak, kakmak.
∙ Annaguly ýabynyň gapdalyna ýüp bilen çalanyny özi-de duýman galdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Men hem, elbetde, ony çalasym ýok weli, ýöne, Aýgül, ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
4) Suwuklyk bilen üstüni örtmek, sürtmek.
5) Bogazyny kesmek, damagyny kesip, kellesini aýyrmak.
∙ Ýeri indi bu näme gerek, näme Kelje ol ýerde munuň bilen güýlüngi goýnuň damagyny çalar öýdýärmiň?!-diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
6) Ildirip berkitmek, düwmek, daňmak, oramak.
∙ Alnyna täzeje ýaşyl seçeklini bir çalyp, Altyn gyz gelýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
agzyna çalmakseret agyz
∙ Süýdüň içine çörek owuntyjaklaryny gardy-da, güjükleriň agzyna çalyp başlady. («Mydam Taýýar» gazeti)
arkasyny çalmakArkasyny tutmak, biriniň tapadyny tutmak.
çapak çalmakseret çapak 1
diş çalmakseret diş
∙ Annaguly gözüni açman: -- Hümm... bolýa-bolýa! -- diýip, dişini bir-iki ýola çalan boldy-da, beýlesine agdarylyp ýatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
döw çalmakseret döw 2
∙ Neme jan, bugün saňa ne döw çaldy?! («Pioner» žurnaly)
gelen yzyňy ýel çalmaka!Köp wagt geçmänkä, tiz wagtyň içinde, çalt.
∙ Puluňy ýygna-da, gülberiňi göterip, gelen yzyňy ýel çalmanka gaýt! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
kirpigiňi çalmazlykHiç ýatmazlyk, uklamazlyk, irkilmezlik.
∙ Gijesine kirpikli garagyny çalmazlygyna höküm edipdir. (Myraly)
yz çalmakseret yz
∙ Şeýle çaldym işe gaýdan yzyny. (N. Pomma, Goşgular)
ýel çalmakseret ýel
∙ Ýel çalsa ölenler gulaç saçlaryň, Ýylgyrsaň ýalpyldar sadap dişleriň. (A. Kowusow, Ilkinji Söýgi)
ýüzüni ýere çalmakseret ýüz 1
∙ Şirin biziň ýüzümizi ýere çalyp çykyp gidipdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем написать курсовую

Полезное


Смотреть что такое "çalmak" в других словарях:

  • çalmak — i, e, ar 1) Başkasının malını gizlice almak, hırsızlık etmek, aşırmak İngiliz cephesinden at kaçırıp bize satan bedeviler dönüşlerinde bizim atlarımızı çalıp İngilizlere satarlardı. F. R. Atay 2) Vurarak veya sürterek ses çıkartmak Bir yandan… …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • çalmak — yere çalmak, vurmak, yenmek …   Divan-i Luqat-i it-Türk Dizini

  • kampana çalmak — gemi, istasyon vb. yerlerde belirli vakitlerde çan çalmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • klakson çalmak — korna çalmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • nöbet çalmak — belli zamanlarda mızıka çalmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • gönlünü çalmak — kalbini çalmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • bakır çalmak — bakır kapta oluşan bakır tuzları nedeniyle yemek insanı zehirlemek …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • boru çalmak — borazan öttürmek Ellerini burunlarına boru çalar gibi götürerek kümeler arasında geçit resmi yapıyorlardı. Ö. Seyfettin …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • bozuk çalmak — argo canı sıkılmış, yüzü asılmış olmak …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • çalgı çalmak — bir müzik aletini seslendirmek Şu evde ne zaman iki tel çalgı çalsak mahalleli söylemediğini bırakmıyor. P. Safa …   Çağatay Osmanlı Sözlük

  • çan çalmak — herkese bildirmek …   Çağatay Osmanlı Sözlük


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»